Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilermenleri energetika howpsuzlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar

  • 14 Dec. 2016 - 16 January 2017
  • |
  • Last updated 23-Jan-2017 11:58

“Garaşsyzlygyň 25 ýyllygy: Merkezi Aziýada we beýleki sebitlerde energetika howpsuzlyk meseleleri” atly maslahat Aşgabatda 2016-njy ýylyň 14-15 dekabry aralygynda geçirildi. Onuň işine Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň bilermenleri gatnaşdylar. Türkmenistanda geçirilen şu çäre, hususan-da, energetika pudagynda howpsuzlyk çagyryşlaryny we sebitdäki hyzmatdaşlygyň strategiýalaryny ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligini berdi.

Maslahat Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde NATO-nyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen aragatnaşyk we özara baglanyşyk baradaky edarasynyň işgäri, Beýik Britaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy hem Howpsuzlyk we goranmak meselelerini barlamak baradaky Birleşen Patyşa instituty tarapyndan guraldy.

Çykyş edenler sebitdäki hyzmatdaşlygyň energetika infrastrukturasynyň howpsuzlygyny kepillendirmek üçin zerurdygyna garamazdan, nebit we gaz geçirijileriniň parahatçylyga hem durnuklylyga ýardam bermek serişdeleri hökmünde gurlup biljekdigini nygtadylar. NATO-nyň energetika howpsuzlygy boýunça öňdebaryjy tejribe merkeziniň maslahatda onuň direktorynyň prunbasary p-k Žan-Mark Buýe hem strategiýa seljeriş we barlaglar bölüminiň ýolbaşçysy Arturas Petkus tarapyndan görkezilen bilermen bilimlerini belläp, NATO-nyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen aragatnaşyk we özara baglanyşyk baradaky edarasynyň işgäri Rozariýa Pulýizi NATO-nyň howpsuzlyk we goranmak babatynda, şeýle hem energetika pudagynda hyzmatdaşlaryň mümkinçiligini berkitmek üçin ýardam berýän goldawyny nygtap geçdi.